
Aýym

Aýym
I
Gijeler asmanda aýdyñ aýym sen,
Durmuşyma aýdyñ geljegim meniñ,
Bijeler dogry gelip, duşan taýym sen,
Gursagyma saldyñ diýjegim meniñ.
II
Allanyñ gudraty, gursaga duýgym özüñ,
Ömür manym, saýlan jenanym meniñ,
Bendisi men edebiñ, mylaýym sözüñ,
Kalp ynamym, söýen zenanym meniñ.
III
Tarypyña sözüm ýetmez gözel gyz,
Husny-jemaly aýa meñzän ýarym sen,
Kalbym diñle, ýok diýmede ozal gyz,
Bu ýalançy dünýäde ýürek barym sen.
IV
Kalbym içre sözler geçer setirime,
Galam ýürek dilim, duýgym eder beýan,
Ýönekeý sözüñ umyt berer ertirime,
Goşgy ýürek sözüm, söýgim eder aýan.
V
Dünýäme giñlik beren, duýgym oýaran,
Garañky kalbyma nurym, aýym sen,
Kalbyma wepa, biwepalardan goraýan,
Yşk okuny ýürege atan ýaýym sen.
01.04.2023.ýyl
Sagat: 23:39
Garlyýew Akmyrat Şyhmuradowiç
Hoşlaşyk

Hoşlaşyk
I
Gijeler umytsyz geçer giderler,
Biz indi birek-birege ýat borus,
Gör kimler bize kömek ederler?!
Niçik bir-biregi ýat edip ýörüs...
II
Aramyzda ýokdy hiç öýke-kineler,
Bardy diňe ýaşlyk duýgy köňülde,
Suratlaram, geçen günem köneler,
Bir ömürlik sorag borsuň öňümde.
III
Keşbiň bir ajaýyp surat mysaly,
Galar göz öňümde armanly bolup,
Sowuk maňa yssy tomus pasyly,
Galarsyň pikirde dumanly bolup...
IV
Hoşlaşyk agyrmy ýa-da unutmak?
Ýürek bäs gelermi köňül derdine?!
Kime ýüzlenmeli? Ýeňil ýudunmak,
Dertlerimiz ýük bolarmy gerdene?!
V
Hoşlaşyk nokatmy duýgularyma?!
Unutmagy başararmy indi bu ýürek?
Ne bolsa-da çäresiz gaýgylaryma,
Hoşlaşmak, unutmak, sönmek gerek...
29.01.2023.ýyl
Sagat: 16:07
Garlyýew Akmyrat Şyhmuradowiç
Dünýä poemasy

Dünýä poemasy
I
Zemin aýlanyp dur milliondyr ýyllar,
Geçip dur dynymsyz günlerdir-aýlar,
Döreýär kellede dürli pikir-hyýallar,
Adam biri-birine duşman bu döwür,
Janlary pida ederler, bihuda uruşlar.
II
Dünýäň ykbalyny çözse bir düwme,
Adalat üçin sen hiç kelläňi döwme,
Ýagşylyk etseňde hiç özüňi öwme,
Dünýä ýagşylardan dolsa ýagşy bor,
Adam adyň haklasaň bor panyda.
III
Allanyň gudraty bilen döredi dünýä,
Bu zemin, bu toprak ynsana görä,
Döwür däl adamlar üýtgedi göýä,
Kimsi baý, kimsi gedaý dünýede,
Adam adyn götermesi kyn dünýe.
IV
Bir çaga mähire zar, biri çörege,
Kim diri ýetim, kimsi doly ýetim,
Dertlerimiz ejir bererler ýürege,
Sözler bilen ýeňletmekdir niýetim,
Çäresize jebir bolan bu dünýe.
V
Dillerde zäher kän, ajy sözler kän,
Bu ajy sözleri ilki döreden kimkän?!
Olarsyz bu dünýe ýeňlärmikän?!
Megerem bolmazdy uruş-dawalar,
Göwünde kine, bolmazdy aldawlar.
VI
Çingiz han gylyjy gana bulanan dünýe,
Ynsanlar belki kör, bakmazmy düýne?!
Dünýä öwrülse adamyň bagtly öýüne,
Bolmazdy bigünä giden janlar, pidalar,
Döremezdi belkide ýürekde daglar.
VII
Birine pul gerek, birine bolsa saglyk,
Aýdyň hany olaryň haýsysy agdyk?!
Dünýä kime barlyk, kimelere darlyk?!
Kagyzlar soltan bolan bu garyp dünýe,
Soňky dem geleninde düşüner hemme.
VIII
Bir ýerlerde toý tutulýandyr uludan,
Bir ýerlerde ýas, dem alynýar uludan,
Iki günlük dünýe doly puluň gulundan,
Hasrata baý, ejizlere ýük bolan dünýe,
Aýt haçan bir gün deňlik bolar sende?!
IX
Afrika suwa zar, kesel janlar dermana,
Kim gol çeker dynçlyk diýen permana?!
Deňlik bilen dokluk galmasady armana,
Bolmazdy gaýgy-gamlar belki dünýede,
Deňlik bilen dokluk bolardy belki-de.
X
Hasyl alsam, hasylymy gysgansam,
Belkem dar gursaklykdan gysylsam,
Bir gysym gumy göze guýup doýsam,
Açgözlük duýgusyn dünýeden ýitirsem,
Razy bordum özümden hem dünýeden.
XI
Ýüregimde umyt bolsun her ir säher,
Daş bolsun kalbyma gazapdyr-gahar,
Ajy sözler köňüllere misli bir zäher,
Ýagşy sözler çykýarmykan ýürekden?!
Awunar kalp, melhemlere zar dünýe.
XII
Taryhda sahypa kän açyp okap otursaň,
Ýüregimde bir sorag otursam-tursam,
Deňlik bolarmy bu dünýede ahyrsoň?!
Ne peýda bar sözlerden gala gursam?
Okan bolarmy bu dünýäden gidensoň?!
XIII
Kimler dünýäni ele almak isledi,
Kimiň bolsa dünýe gezmek islegi,
Kimiň bolsa azat bolmak dilegi,
Ynsanlary göterdiň sen goja dünýe,
Ynsanlar seni hiç söýmezmi dünýe?!
XIV
Döwür ösdi, ganatlap asmana uçarlar,
Dürli ýaraglary oýlap tapar alymlar,
Duşman bolar indi biri-birine doganlar,
Agzybirlik haçan bolar dünýede?
Azalýarmy? Ýa artýarmy zalymlar?!
XV
Seretdim aýnadan düýnümi gördüm,
Ezildim, gynaldym, ýandym-söndüm,
Sebäp ilki beren sözümden döndüm,
Ýakmakçydym düzenlerim birmahal,
Ýöne sözler gursakdan çykasy gelýär...
XVI
Epidemiýa elhençmi ýa ýüreksiz adam?
Taryhda galypdyr ganly dereksiz adam,
Ady galan känmi ýa ýitenlermi hasam?
Belli bir sany barmy gidenleriň aradan?!
Dilegim zalymdan özüň gora Ýaradan.
XVII
Bir bulgur şerapmy dertleriňi ýeňleden,
Niçüýn nalaýaň kän zat gelse eliňden?
Hergiz güýjüň gaçmasa bor biliňden,
Şükür eýläp razy bolsaň iliňden,
Ynsan adyň haklasaň bor panyda...
XVIII
Ak öýde perman çykar dünýä barada,
Iki bölege bölüner ýene bu goja zemin,
Hiç yzy üzülmez dawalardyr iki arada,
Bombalardan halas edermi ýerzemin?!
Baky ýitermi ýowuz uruşlar aradan?
XIX
Ýüz milliony pida edip iki jahan urşuna,
Näme gazandyk bu ýalançy jahanda?
Zemin döräp duşmançylyk durşuna,
Dostluk haçan bolar baky panyda?!
Bakylyk ýok, wagtlaýyn synag dünýe...
XX
Isgendermi? Napoleonmy? Sezarmy?
Kim ele aldy seni diňe ýaşamak üçin?
Höküm süren kän, uruşlara zarmy?
Soraglar doly, jogaplary ýok göýä,
Ejizlere dar, zalymlara giň dünýä.
XXI
Baky ýitmese baky göreşmek gerek,
Durmuş göreş, nalamakdan ýok derek,
Günler geçer, garaşmaklyk biderek,
Söweşler kän, ýitgilere baý dünýä,
Sen bir kitap, ganly sahypa göýä.
XXII
Asyrlaram geçip gider otly mysaly,
Öz gezeginde çalyşyp dört pasyly,
Iň soňy alynar eden işleriň hasyly,
Bolmasyn ahmyr, galmasyn arman,
Goý, paharat hem rahat bolsun dünýä!
06.01.2023.ýyl
Sagat: 18:03
Garlyýew Akmyrat Şyhmuradowiç
Degmez

Bütin ömür ýygnan malu-döwletiñ,
Gideniñde bir gysym guma degmez,
Bakylyk ýok, bardyr ömür möhletiñ,
Günäler kändir, kimler juma gelmez.
Gazanan abraýyñ, hormatyñ, adyñ,
Döwen bir kiçijek göwnüñe degmez,
Duşman kändir, dostlar eşitmez dadyñ,
Ýalan sözleñ beren öwdüñe degmez.
Garry daglar baýyrlara başyny egmez,
Beýiklik pälidir, pese seretmez,
Halal ynsan hiç haramyñ aşyny iýmez,
Diýerlik dälidir, söýse terk etmez.
Dostlar azdyr, duşman daşyñda gurtdyr,
Mertlik bir polatdyr, ownap döwülmez,
Içki arman damagyñda bir ogurtdyr,
Gussa-gamlar şatlyk-şowhuna öwrülmez.
Baýlaryñ bagty garybyñ göz ýaşyna degmez,
Näçe ynsan çäresiz, aýdyr-günleri geçmez,
Näçe gözeller söýeniñ göz-gaşyna degmez,
Ýürekden söýenler özgäni saýlap seçmez.
Çaganyñ gülküsi deý bagtda ýokdur,
Perzent söýmek bagty uly eşretdir,
Deýdiniñ ülkesi şa tagtda ýokdur,
Her bir geçen güni uly hesretdir.
Hiç bir zat ata-ene beren mähire degmez,
Orny dolunmaz giden uly boşlukdyr,
Gadyr bilmez ýetimiñ ahyna degmez,
Ata-eneñli her gün göwün hoşlukdyr.
Arzuw-umyt ýaşadýandyr her adamy,
Umydy ýok toprakda mazara degmez,
Arzuw-umyt aşdyrýandyr her gadamy,
Umydy ýok toprakda yzlara degmez,
Nebsini bilmedik doýmany bilmez,
Açlyk dok sözüniñ harpyna degmez,
Nokady bilmedik goýmany bilmez,
Käbir sözler birje pähime degmez.
21.05.2023.ýyl
Sagat: 05:22
Garlyýew Akmyrat Şyhmuradowiç
Sahypalar
Sahypalar
I
Damarymda aýlanýarka gyzgyn gan,
Durmuş atly sahypalam dowamdyr,
Bilmen ne garaşýar ömrüň yzyndan,
Eserlerim alýan demim-howamdyr.
II
Pelsepe berilse durmuş ylhamym,
Sözlerimde jemlenen bir surat özüm,
Herne taryh bolsa baky yhlasym,
Tankytdan üstün gelse gurat sözüm.
III
Synaglar öňümde, dowamly durmuş,
Sagatlar aýanok ömrüň gädip dur,
Dertler hanjaryny ýürege urmuş,
Bilmerin çepimde ýürek nädip dur?!
IV
Söýgim ýüregimde sen armanym,
Haýsy ýollar dogry, haýsy nädogry?
Köýgim ýüregimde ýok dermanym,
Kimi dogry, kimler kalbyňda ogry.
V
Geçilen ýollarda galsada bir yz,
Ýanan kalba melhem ýok ýaly,
Geçmişdir, ýüregim alsada bir gyz,
Dymýan indi ylham ýok ýaly...
VI
Dost ýerinde dost, ýar ýerinde ýar,
Ýaradan Allahym ýokdur nalyşym,
Kynçylykly durmuşyma wepadar,
Dostumdan aýyrma ýeke haýyşym.
VII
Galamym döwülmez almaz mysaly,
Hem syrdaşym, hem ýoldaşym baky,
Üzülmez bir kagyz we galam wysaly,
Dörär sahypalar ýürekde ömürbaky.
21.05.2023.ýyl
Sagat: 03:29
Garlyýew Akmyrat Şyhmuradowiç
Gözel mugallym
Gözel mugallym
I
Edep-terbiýäni öwreden bize,
Eziz mugallymym, harpy öwreden,
Harplykdan başladyň öwredip bize,
Hormatly hem eziz Gözel mugallym.
II
“A” harpyny ilki öwreden maňa,
Dilime söz beren eziz mugallym,
Bir ömür okuwçyň bergidar saňa,
“Z” harpyna çenli okanam bolsam.
III
Ýazmany öwreden, diňe bir harpy däl,
Şu goşgymy seniň diliňde düzdüm,
Öwrenen terbiýäm hem sözüm bilen,
Minnetdar bir ömür Gözel mugallym.
IV
Mugallym waspyna sözlerem ýetmez,
Waspyna ýetmek ajap sungatdyr,
Mugallym keşbi hiç gözüňden gitmez,
Kalbyňa çekilen ajap suratdyr.
V
Mekdep ýyllaryna dolansam ýene,
Islärdim täzeden okuwçyň bolmak,
Bir ömür okuwçyň bolup galaryn,
Ullakan söýgüdir mugallym bolmak!
13.09.2017.ýyl
Sagat: 2:09
Garlyýew Akmyrat Şyhmuradowiç
Baharymyň bezegi

Garrama eje

Garrama eje
Doganyma...

Söýgi oýun däldir!

Спасибо, папа!

Ты мой медальон

Pul

Tupak Şakur

Seniñ.....
Durmuşym gözel däl

Sorama menden

Elegiýa

Stoluñ ütünde

Ömür agajy
