Dünýä poemasy

Dünýä poemasy
I
Zemin aýlanyp dur milliondyr ýyllar,
Geçip dur dynymsyz günlerdir-aýlar,
Döreýär kellede dürli pikir-hyýallar,
Adam biri-birine duşman bu döwür,
Janlary pida ederler, bihuda uruşlar.
II
Dünýäň ykbalyny çözse bir düwme,
Adalat üçin sen hiç kelläňi döwme,
Ýagşylyk etseňde hiç özüňi öwme,
Dünýä ýagşylardan dolsa ýagşy bor,
Adam adyň haklasaň bor panyda.
III
Allanyň gudraty bilen döredi dünýä,
Bu zemin, bu toprak ynsana görä,
Döwür däl adamlar üýtgedi göýä,
Kimsi baý, kimsi gedaý dünýede,
Adam adyn götermesi kyn dünýe.
IV
Bir çaga mähire zar, biri çörege,
Kim diri ýetim, kimsi doly ýetim,
Dertlerimiz ejir bererler ýürege,
Sözler bilen ýeňletmekdir niýetim,
Çäresize jebir bolan bu dünýe.
V
Dillerde zäher kän, ajy sözler kän,
Bu ajy sözleri ilki döreden kimkän?!
Olarsyz bu dünýe ýeňlärmikän?!
Megerem bolmazdy uruş-dawalar,
Göwünde kine, bolmazdy aldawlar.
VI
Çingiz han gylyjy gana bulanan dünýe,
Ynsanlar belki kör, bakmazmy düýne?!
Dünýä öwrülse adamyň bagtly öýüne,
Bolmazdy bigünä giden janlar, pidalar,
Döremezdi belkide ýürekde daglar.
VII
Birine pul gerek, birine bolsa saglyk,
Aýdyň hany olaryň haýsysy agdyk?!
Dünýä kime barlyk, kimelere darlyk?!
Kagyzlar soltan bolan bu garyp dünýe,
Soňky dem geleninde düşüner hemme.
VIII
Bir ýerlerde toý tutulýandyr uludan,
Bir ýerlerde ýas, dem alynýar uludan,
Iki günlük dünýe doly puluň gulundan,
Hasrata baý, ejizlere ýük bolan dünýe,
Aýt haçan bir gün deňlik bolar sende?!
IX
Afrika suwa zar, kesel janlar dermana,
Kim gol çeker dynçlyk diýen permana?!
Deňlik bilen dokluk galmasady armana,
Bolmazdy gaýgy-gamlar belki dünýede,
Deňlik bilen dokluk bolardy belki-de.
X
Hasyl alsam, hasylymy gysgansam,
Belkem dar gursaklykdan gysylsam,
Bir gysym gumy göze guýup doýsam,
Açgözlük duýgusyn dünýeden ýitirsem,
Razy bordum özümden hem dünýeden.
XI
Ýüregimde umyt bolsun her ir säher,
Daş bolsun kalbyma gazapdyr-gahar,
Ajy sözler köňüllere misli bir zäher,
Ýagşy sözler çykýarmykan ýürekden?!
Awunar kalp, melhemlere zar dünýe.
XII
Taryhda sahypa kän açyp okap otursaň,
Ýüregimde bir sorag otursam-tursam,
Deňlik bolarmy bu dünýede ahyrsoň?!
Ne peýda bar sözlerden gala gursam?
Okan bolarmy bu dünýäden gidensoň?!
XIII
Kimler dünýäni ele almak isledi,
Kimiň bolsa dünýe gezmek islegi,
Kimiň bolsa azat bolmak dilegi,
Ynsanlary göterdiň sen goja dünýe,
Ynsanlar seni hiç söýmezmi dünýe?!
XIV
Döwür ösdi, ganatlap asmana uçarlar,
Dürli ýaraglary oýlap tapar alymlar,
Duşman bolar indi biri-birine doganlar,
Agzybirlik haçan bolar dünýede?
Azalýarmy? Ýa artýarmy zalymlar?!
XV
Seretdim aýnadan düýnümi gördüm,
Ezildim, gynaldym, ýandym-söndüm,
Sebäp ilki beren sözümden döndüm,
Ýakmakçydym düzenlerim birmahal,
Ýöne sözler gursakdan çykasy gelýär...
XVI
Epidemiýa elhençmi ýa ýüreksiz adam?
Taryhda galypdyr ganly dereksiz adam,
Ady galan känmi ýa ýitenlermi hasam?
Belli bir sany barmy gidenleriň aradan?!
Dilegim zalymdan özüň gora Ýaradan.
XVII
Bir bulgur şerapmy dertleriňi ýeňleden,
Niçüýn nalaýaň kän zat gelse eliňden?
Hergiz güýjüň gaçmasa bor biliňden,
Şükür eýläp razy bolsaň iliňden,
Ynsan adyň haklasaň bor panyda...
XVIII
Ak öýde perman çykar dünýä barada,
Iki bölege bölüner ýene bu goja zemin,
Hiç yzy üzülmez dawalardyr iki arada,
Bombalardan halas edermi ýerzemin?!
Baky ýitermi ýowuz uruşlar aradan?
XIX
Ýüz milliony pida edip iki jahan urşuna,
Näme gazandyk bu ýalançy jahanda?
Zemin döräp duşmançylyk durşuna,
Dostluk haçan bolar baky panyda?!
Bakylyk ýok, wagtlaýyn synag dünýe...
XX
Isgendermi? Napoleonmy? Sezarmy?
Kim ele aldy seni diňe ýaşamak üçin?
Höküm süren kän, uruşlara zarmy?
Soraglar doly, jogaplary ýok göýä,
Ejizlere dar, zalymlara giň dünýä.
XXI
Baky ýitmese baky göreşmek gerek,
Durmuş göreş, nalamakdan ýok derek,
Günler geçer, garaşmaklyk biderek,
Söweşler kän, ýitgilere baý dünýä,
Sen bir kitap, ganly sahypa göýä.
XXII
Asyrlaram geçip gider otly mysaly,
Öz gezeginde çalyşyp dört pasyly,
Iň soňy alynar eden işleriň hasyly,
Bolmasyn ahmyr, galmasyn arman,
Goý, paharat hem rahat bolsun dünýä!
06.01.2023.ýyl
Sagat: 18:03
Garlyýew Akmyrat Şyhmuradowiç