Stoluñ ütünde
1. Июль, 2018 в 4:09,
Нет комментариев

Kagyz ýatyr stoluñ bir çetinde,
Açyp okap oturmadym eglenip,
Näme ýazylypdyr onuñ içinde,
Açyp okap oturmadym eplenip.
Galam ýatyr ak kagyzyñ üstünde,
Dikilenip ýazmaga güýji ýetenok,
Nämeler bar adamlaryñ ünsünde,
Oýlanyp tapmaga aklym ýetenok.
Köne kitap, köne ýazgylañ bary,
Jemlenipdir stolumyñ üstünde,
Ýöne bitap ýene ýazjylañ bary,
Uklapdyrlar stolunyñ üstünde.
Stoluñ çetinden alyp kagyzy,
Açdym, okadym içindäki soragy,
Jogaby bäş harp sorag ýazylgy,
Sorag belgiden ýokdy başga zat.
Jogaby bäş harpdyr diýip dur eken,
Emma soragynyñ özi ýok eken,
Oýlanyp bir sellem, jogaby tapdym,
Bardyr kagyz emma galam ýok eken.
Şahyrdyr belkide şol soragyñ jogaby,
Ak kagyz we galamynyñ ussady,
Pikirlem gyzyşyp sowady ýene,
Ýüzümde gülki, ýüregimde gussady.
Birden çyra öçdi, ýanmady ol soñ,
Uklapdyryn gije, stolumyñ üstünde,
Oýandym seretdim atan eken dañ.
Soragym gitmedi, gulakda şol ýañ.
8.02.2016.ýyl
Sagat: 3:06
Garlyýew Akmyrat