• RUS
  • ENG
Gündeligim

  • Стихотворение

Doganyma...

30 июня, 2019 в 10:26, Нет комментариев

Bilýän...igenýänim, göwnüñe degýän,
Käte hoş söz bilen göwnüñi tapýan,
Näçe igensemde, käýesemde saña,
Her gije ýatanda señ dilegiñ edýän.

Aç bolsam doklugym, ruhy şatlygym,
Enem deý bir ömür hossarym sensiñ,
Bu goja dünýede sen ýeke barlygym,
Imanym, abraýym, rysgalym sensiñ.

Hassa bolsam halyma seretjek her dem,
Şat bolsam şatlygym, unudylar derdem,
Arassa howam hem ak asmanym sensiñ,
Bir enäñ süýdün emen bir beden, bir dem.

Mizemez bir giñlik sen daralsa dünýäm,
Tükünmez ýagtylyk sen garalsa dünýäm,
Düzen her setirime ylham çeşmesi sensiñ,
Ýitmez bir bakylyk sen, ýarylsa dünýäm.
(Sebäp: Baky soñsuzlyk sen meniñ ömrüme)

28.11.2018.ýyl
sagat: 3:49
Garlyýew Akmyrat Şyhmuradowiç

Нет комментариев

Оставить отзыв







Свежие статьи

  • Aýym
    3. марта. 2025
  • Hoşlaşyk
    3. марта. 2025
  • Dünýä poemasy
    3. марта. 2025
  • Degmez
    3. марта. 2025
  • Sahypalar
    2. марта. 2025
  • Gözel mugallym
    13. июля. 2024
  • Baharymyň bezegi
    28. января. 2024
Сайт создан с Mozello - самым удобным онлайн конструктором сайтов.

Создайте свой веб-сайт или интернет-магазин с Mozello.

Быстро, просто, без программирования.

Сообщить о нарушении Подробнее