Söýgi oýun däldir!
24. Декабрь, 2018 в 8:09,
Нет комментариев

Söýgi oýun däldir, zenandyr söýgi,
Bir söz kemlik edýär waspyn edere,
Söýgiñ ugrunda niçe aşyklar köýdi,
Mährine çoýýan bir güneşdir söýgi!
Irdenki gelin salamy, eneleñ gülküsi,
Çagalañ sesleri, guşlañ saýraýşy,
Zeminde dörän ajap gözelleñ ülkesi,
Söýgi duýgyñ kalbyñ içre ýaýraýşy!
Dörän we indi dörejek liriki setir,
Sungat bilen galam, zemin we ak aý,
Täsin hem bir ajap şatlykly ertir,
Daglaryñ jereni, kemançy we ok ýaý!
Dowamy-dowamdyr, bu bir tebigat,
Her kimiñ özüniñ ýeke söýgüsi bar,
Söýgi oýun däldir, dörän bir sungat,
Her kimiñ özüniñ bir hekaýasy bar.
6.11.2018.ýyl
Sagat: 4:12
Garlyýew Akmyrat Şyhmuradowiç