Sorama menden
1. Июль, 2018 в 4:18,
Нет комментариев

Sen sorama indi söýgi hakynda,
Ýürekde öçmedik soraglaryňy,
Sowady ýüregim ýalňyz çagynda,
Menden gizle indi ýodalaryňy.
Unutdym ýüregi ýakan hasraty,
Hakykaty sözlemek galdy diňe,
Aglarsyň ýatlanda aýralyk wagty,
Söýgimi öçürer göz-ýaşyň diňse.
Sorama näme üçin gaharly diýip,
Söýgimiň ataşyn ýakma täzeden,
Ýansada söýgimiz bilmerin köýüp,
Gelnim diýip çaýyň içmen käseden.
Eziz bir ynsandyň, ýüregme ýakyn,
Görýärdim söýgimi seniň gözüňde,
Ataşly zenandyň ýüregmi ýakan,
Gorardyň söýgimi seniň özüňde.
Indi bolsa ýanan ýüregimden,
Sorama söýginiň gül açan çagyn,
Hak söýgä mynasypmy gijeler ýeke,
Yşk odunda ýanyp kemelden ýadyn.
Soraglaryň jogapsyzdyr öňümde,
Indi menden sorama hiç sebäbin,
Duýýansyň günäňi indi özüňde,
Söýerin belki-de geçip günäsin.
20.09.2016.ýyl
Sagat: 15:36
Garlyýew Akmyrat