• RUS
  • ENG
Gündeligim

  • Стихотворение

Elegiýa

1 июля, 2018 в 4:11, Нет комментариев

Bir gün ýagyş ýagar,
Bir gün gar ýagar,
Saçlaryň eziler,
Köňlüňem aglar,

Ýekelik derdini,
Çekip gijeler,
Meniň sözlerimi,
Eşdesiň geler,

Ýöne gürlemerin,
Dymaryn läläm,
Ýöne gürlemersiň,
Duýaryn läläm.

Uzak aýralykdan ýanan ýüregi,
Duýmak üçin saňa gerek däl sözüm,
Uzak aralykdan gelen söýgiňi,
Duýmak üçin saňa gerek meň gözüm.

Sözlerim undarsyñ, hatlarym ýyrtyp,
Birwagtlar köñlüñ aglar mensiz,
Gözlerim duýarsyñ, aglanyn görüp,
Käwagty men aglaryn sensiz.

Daşarda gar doñar, suwlaram doñar,
Emma welin gyzgyn pejiñ ýanynda,
Men barada eden pikirleñ doñar,
Men ýaşaryn başga gyzyñ ýanynda.

Gaýgyly hatymy okamarsyñ sen,
Aglap gözleriñden ýaşlaryñ akar,
Gaýgyly halymy duýmarsyñ sen,
Dymyp sözleriñem ýüregiñ ýakar.

Sensiz gijelerde çeken derdimi,
Duýarsyñ ýekelik derdin çekende,
Mensiz gijelerde çeken derdiñi,
Duýaryn bagyşla hatyñ gelende.

9.02.2016.ýyl
Sagat: 12:17

Garlyýew Akmyrat

Нет комментариев

Оставить отзыв







Свежие статьи

  • Aýym
    3. марта. 2025
  • Hoşlaşyk
    3. марта. 2025
  • Dünýä poemasy
    3. марта. 2025
  • Degmez
    3. марта. 2025
  • Sahypalar
    2. марта. 2025
  • Gözel mugallym
    13. июля. 2024
  • Baharymyň bezegi
    28. января. 2024
Сайт создан с Mozello - самым удобным онлайн конструктором сайтов.

Создайте свой веб-сайт или интернет-магазин с Mozello.

Быстро, просто, без программирования.

Сообщить о нарушении Подробнее