• RUS
  • ENG
Gündeligim

  • Стихотворение

Ömür agajy

1. Июль, 2018 в 4:07, Нет комментариев

Nahalyñ düýbüni yzgarlap duruñ, 
Zähmetiñ düýbi rehnet bolsa hoş bolar, 
Ata-eneñ ömür boýy sereden, 
Agajynyñ miwesini iýeniñde noş bolar. 

Nahallykdan saýlandyñ, agaç bolduñ, 
Ata-eneñ zähmetiniñ miwesi sen, 
Çagalykdan saýlandyñ adam bolduñ, 
Ata-eneñ terbiýesiniñ netijesi sen. 

Ömür agajynyñ boý alşy ýeser, 
Ömür sagadynyñ geçişi ýeser, 
Sen miwesiñ agaçdaky bişmedik, 
Wagtyñ geler, miwe üzülip düşer. 

Agajyñ düri kän, erikmi, alma, 
Ekiler, boý alar terbiýä görä, 
Adamyñ düri kän, pismi, sada, 
Tanalar her kimiñ päline görä. 

Başyn eger miwesini götermän, 
Miwesi abraýdyr, çagasy nahal, 
Başyn egmez miwesini bermän, 
Abraýyny ýere döken bir mahal. 

Daýhan bol, işçi bol onuñ parhy ýok, 
Saçakda çöregiñ, törüñde myhman, 
Şolardan başgasynyñ saña dahly ýok, 
Gursakda ýüregiñ, köñlüñde Allañ! 

2.02.2016.ýyl 
Sagat: 3:52 
Akmyrat Garlyýew Şyhmuradowiç

Нет комментариев

Оставить отзыв







Свежие статьи

  • Aýym
    3. мар. 2025
  • Hoşlaşyk
    3. мар. 2025
  • Dünýä poemasy
    3. мар. 2025
  • Degmez
    3. мар. 2025
  • Sahypalar
    2. мар. 2025
  • Gözel mugallym
    13. июл. 2024
  • Baharymyň bezegi
    28. янв. 2024
Сайт создан с Mozello - самым удобным онлайн конструктором сайтов.

Создайте свой веб-сайт или интернет-магазин с Mozello.

Быстро, просто, без программирования.

Сообщить о нарушении Подробнее